Maksatlarymyz

Guýulary sementlemek

Oturdylan sütüni sementlemek – iň jogapkärçilikli amallaryň biridir, onuň üstünligine guýynyň uzak ömri we mundan beýläkki kadaly ulanylyşy baglydyr.
Sementlemek – guýunyň sütün diwaryny berkitmek we oturdylan turbasy boýunça we halka deşigine çenli ýokary sement erginini ýýgnamak arkaly guýynyň sütünine artykmaç flýuidleriň düşmeginden kesmek.
Bu proses oturdylan sütüni we guýynyň diwary arasyndaky aralyga tamponaž erginini sorup almak prosesi.
Sementlemek usuly burawlanan sütüne (tutuş ýa-da guýruk) goýberilen sütüniň görnüşine baglylykda saýlanýar.

Işiň şu görnüşini özleşdirmekde biziň ýeten derejämiz.

75

Sosial ulgamlar

Guýulary abatlamak

Koltýubing (koýl týubing / coiltubing) 35 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýar, onuň netijesinde bu tehnologiýanyň yglan edilen artykmaçlyklary onuň amaly ulanylyşy bilen birnäçe gezek tassyklandy.

Häzirki wagtda guýulary burawlamak we abatlamak üçin bu toparyň enjamlaryny ulanmak has talapkär we giňden ýaýbaňlanandyr. Bu topardaky enjamlaryň ähli görnüşleriniň arasynda koltýubing has çalt özleşdirilýär. Adaty enjamlaryň arasynda koltýubing gurluşlary guýulary burawlamak we abatlamak boýunça işleriň netijeliligini we ykdysady maksadalaýyklygyny ähmiýetli derejede ýokarlandyryp, hakyky tehnologiki açyş boldy. Esasanam enjamyň bu görnüşi çylşyrymly geografiki we howa şertlerinde ýerine ýetirilýän işlerde zerur.

Koltýubing gurluşlarynyň ulanmagyň ýetmezçiligi – işiň ähli görnüşlerinde optimal ösüş derejesine ýeten adaty enjamlara mahsus bolan şol ýokary ölçeglere we iş parametrlerine laýyk gelmegini üpjün edip bilmezligi. Koltýubingi ulanmagyň geriminiň giňelmegi diňe bir enjamlaryň artykmaçlyklary bilen däl-de, eýsem onuň yzygiderli ösmegi bilen hem düşündirilýär, şonuň üçin maýyşgak turbalaryň sütünleri  köpelýän meseleleriň çözgüdini üpjün edýär.

Koltýubing gurluşlarynyň ulanylmagy nebit we gaz guýularyny burawlamak we abatlamak, karotaž barlaglaryny geçirmek, çylşyrymly şertlerde, mysal üçin, güýçli egrilikli guýularda gatlaklary açmak bilen baglanyşykly ýerlerde düýpli üýtgetmeleri girizmäge mümkinçilik berdi.

Işiň şu görnüşini özleşdirmekde biziň ýeten derejämiz.

85

Sosial ulgamlar

connect us

Biz bilen habarlaşyň