Kompaniýa hakynda

DAG DEŇIZ hususy kärhana barada gysga maglumat

“Dag-Deňiz” Hususy kärhanasy Türkmenistanda ýük daşamak we logistika pudagynda çalt ösýän kompaniýa bolup durýar. Bu kärhana 2009-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde esaslandyryldy, öz işine “Dag-Deňiz” HK standart ýükleri daşamak üçin hyzmatlary etmek bilen başlady, ýöne işgärleriň we dolandyryş düzüminiň jebis toparlaýyn işi netijesinde kärhana çalt ösýär we ýurduň kärhanalarynyň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär, häzirki wagtda kärhana dürli görnüşli harytlary daşamak hyzmatlaryny amala aşyrýar, şeýle hem kärhananyň işine logistika, satyn alyşlar, gozgalmaýan emläk, kärende we nebit we gaz pudagyndaky hyzmatlar goşuldy. Ýokarda agzalan pudakda uly tejribä eýe bolan “Dag-Deňiz” HJ aşakdaky öňdebaryjy halkara kompaniýalary bilen köp ýyl bäri hyzmatdaşlyk edýär:

  • «ENI Turkmenistan Ltd.»
  • «Dragon Oil Turkmenistan Ltd.»
  • «Branch of the Halliburton Eurasia Ltd.»
  • «Western Atlas International LLC. (Baker Hughes)»
  • «Weatherford Oil Tools Middle East Turkmenistan»
  • «Globalink Logistics Group Ltd. Turkmenistan»
  • «Caspian Driller Pte Ltd. Turkmenistan Branch»

Kärhananyň Aşgabat şäherinde şahamçasy bar, şeýle hem Hazar, Balkanabat şäherlerinde ofisleri, Balkanabat, Hazar şäherlerinde we Balkan weraýatynyn Burun meýdançasynda önümçilik-tehniki kärhanalary bar, olar kärhananyň ähli amallaryny dessin dolandyrmak, tehniki enjamlaryna hyzmat etmek, abatlamak, bellenen meselelere anyk we tertipli jogap bermek üçin niýetlenendir. Ulag-logistika hyzmatlary pudagynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesi kärhanamyza müşderileriň islendik talaplaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýokarda görkezilen hyzmatlardan başga-da, “Dag-Deňiz” Hususy kärhanasy şu aşakdaky hyzmatlary hem edýär:

  • Önümçilik kärhanalaryny kärendä bermek;
  • Logistiki işi amala aşyrmak;
  • Ähli ölçegli we görnüşli harytlary ýerli ulagly daşamak;
  • Ähli ölçegli we görnüşli harytlary Türkmenistanyň çäklerinden daşary daşamak;
  • Ýüklemek we düşürmek işleri;
  • Zerur ýörite maksatly ulaglary bermek;
  • Eksport we import ýükleriniň gümrük taýdan resmileşdirilmegi.

Ýüküňizi bize tabşyryň!
Biz ony gapyňyza çenli getirip bereris.

Has giňişleýin >>
connect us

Biz bilen habarlaşyň