Hyzmatlarymyz
Multimodal daşamalar

Multimodal daşamalar – dürli ulag görnüşleriniň utgaşdyrylmagyny (bir şertnamanyň çäginde) öz içine alýar: deňiz gämileri, ýük awtoulaglary, awiasiýa ulaglary, şol sanda dürli aralyk nokatlarynda saklamak we gaýtadan ýüklemek. Multimodal daşamalaryň aýratynlygy guramaçydan aýratyn başarnyklary we hereketleri utgaşdyrmagy talap edýär diýip düşünýäris. Şonuň üçin müşderimiziň islendik logistik meselesini üstünlikli çözmek üçin başarnygymyz, tejribämiz we jogapkärçiligimiz bir ýere jemlenýär. Tutuş ugur boýunça ýüki ulagly daşamak prosesine yhlasly utgaşdyrmak we gözegçilik etmek üçin ýeke-täk merkez ýörelgesine eýerýäris. Ýükler, iberilen nokat we barmaly nokat barada doly maglumat alandan soň, logistika işgärlerimiz has optimal shemany düzýärler, ol şi aşakdakylary öz içine alýar: ýükleri eltip bermegiň bahasyny hasaplamak; ulagyň gerekli görnüşini çekmek bilen ugry işläp düzmek; ýükleri ýüklemek, geçirip ýüklemek üçin düşürmegiň tertibini düzmek; ýükleri mümkin boldugyça gysga wagtda “gapydan gapa çenli” eltip bermek; goldaw we rugsat beriji resminamalaryň doly bukjasyny resmileşdirmek; ähli mümkin bolan töwekgelçiliklerden ýükleri ätiýaçlandyrmak, ulag logistikasy we gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça maslahatlar; port içinde ekspedirlemek.
Kontaktlarymyz
Sosial ulgamlar
