Hyzmatlarymyz

Ýöriteleşdirilen tehnikany kärendä bermek

DSC_0297-min

Kompaniýamyzyň balansynda ýöriteleşdirilen tehnikanyň giň görnüşleri bar.

Öz-özi hereketlendirýän kranlar, ýükleýjiler, eýerli çekijiler, tenrli tirkegler, ýarym tirkegler, şeýle hem howply ýükleri daşamak üçin sisternalar. Biz islendik çylşyrymly ýük işleri bilen bagly ulag çärelerini çözmek üçin tehnikany giňden ulanýarys.

Kompaniýamyzyň hyzmatlaryna nebit-gaz, gurluşyk we senagat işi bilen meşgullanýan müşderilerimiziň hajatlary üçin dürli göterijilik ukyby bolan awtokranlary (15 tonnadan 120 tonna çenli) we ýükleýjileri (1 tonnadan 10 tonna çenli) kärendä bermek işi bar.

Buýruja işlemek üçin iberilen tehnikanyň abat ýagdaýda bomagy biziň üçin gaty wajypdyr. Mehanikler topary ähli tehnikanyň tehniki ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýär. Zerur ýagdaýynda, buýrujynyň çäklerinde öňüni alyş işleri alnyp barylýar, biz tehnikamyzyň mydama kanuny talaplara we buýrujynyň talaplaryna laýyk gelýändigini kepillendirýäris.

Bize ýüz tutmak bilen Siz ýokary hünärli sürüjileriň we operatorlaryň gözegçiligi astynda işlemäge doly taýýar birinji derejeli tehnikany alarsyňyz.

Kontaktlarymyz
  • +99322267314
  • +99322267453
  • logistics@dag-deniz.com
Sosial ulgamlar
connect us

Biz bilen habarlaşyň