Hyzmatlarymyz

Ýükleri ekspedirlemek

AND_5307-min

Ekspedirlemek – ulag kompaniýalary tarapyndan köplenç berilýän hyzmat. Daşamak wagtynda ýükleri ekspedirlemek diýseň möhümdir, sebäbi bu proses daşamagyň howpsuzlygyny dolulygyna üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Öz wajyplygy we ähmiýeti nukdaýnazaryndan ýükleri ekspedirlemek ýükleri geçirmek, ýüküň abatlygy üçin jogapkärçilik çekmek we onuň wagtynda eltilmegi bilen bagly hereketleriň we çäreleriň toplumyny öz içine alýar.

Ýükleri ulag taýdan ekspedirlemek – iberijiniň ammarynda ýükleriň kabul edilişini we ýanyndaky resminamalaryň bukjasyny, hereket etmegiň dowamynda we barmaly ýerinde onuň ýagdaýyna gözegçilik etmegi öz içine alýar. Tutuş ugur boýunça daşalýan ýükler üçin doly maliýe jogapkärçiligini ekspeditor çekýär. Häzirki wagtda ulag hyzmatlaryny edýän köp sanly kompaniýalar ekspedirlemek we ýükleri goldamak hyzmatlaryny hödürlemäge taýýar. Ekspedirlemek hyzmatlary ýükleri ätiýaçlandyrmak işne goşmaça hökmünde ýük eýesine ýükuň daşalan pursatyna dolulygyna abat saklanylmagyna mümkinçilik berýär.

Kontaktlarymyz
  • +99322267314
  • +99322267453
  • logistics@dag-deniz.com
Sosial ulgamlar
connect us

Biz bilen habarlaşyň